Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi. Ýangyç Germaniýanyň Ýulih şäherindäki DAWN senagat desgasynda öndürildi. Ýangyç konsentrirlenen Gün energiýasy arkaly biogen ugleroddan we suwdan döredilen, uglerod taýdan bitarap garyndydyr. Audi-niň hereketlendirijisine hiç hili üýtgeşme girizilmedi, bu bolsa täze ýangyjyň häzirki içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen doly gabat gelýändigini görkezýär. Synag ýörişi Şweýsariýadaky «Supercar Owners Circle» çäresinde geçirildi. Bu Synhelion-yň ýangyjynyň ulaglarda üçünji gezek ulanylmagy boldy: kompaniýa ozal Gün dizelini motosiklde we gämide üstünlikli ulanypdy. Synhelion-yň işläp düzmesi awtoulag pudagy üçin uly mümkinçilikleriň öňüni açýar, sebäbi bu tehnologiýa adaty ýangyçlara ekologik taýdan alternatiwa hödürleýär. Ol CO2 zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär we klassyky IÝH-li (benzinli we dizelli) awtoulaglardan ýüz öwürmegi talap etmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir