23 — 25-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň awtomobil gatnawlaryny amala aşyrýan düzümleri hem gatnaşdy. Gepleşiklerde halkara awtoulag gatnawlaryny ösdürmek meselelerine garaldy. Bu barada Halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasy (ASMAP) habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy 2024-2025-nji ýyllarda ýük daşaýşyň möçberiniň ep-esli artandygyny belledi. Bu ösüş Türkmenistandan oba hojalyk önümleriniň we halk sarp ediş harytlarynyň eksportyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet goldaw çäreleri bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň rugsatnamalarynyň ýetmezçiligi sebäpli türkmen ýük ugradyjylarynyň Gazagystan we Belarus ýaly üçünji ýurtlaryň daşaýjylarynyň hyzmatlaryna ýüz tutmaga mejbur bolýandyklary barada hem durlup geçildi. Bu bolsa, Russiýanyň sarp edijileri üçin harytlaryň gymmatlamagyna sebäp bolýar. Öz gezeginde, rus tarapy Russiýanyň awtomobil daşaýjylaryny ikitaraplaýyn ýük daşamak işine has işjeň çekmäge gyzyklanma bildirdi. Türkmen tarapy bolsa, rus awtoulaglarynyň tiz wagtda ýüklenmäge taýýar edilmegi şertinde şeýle hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Russiýanyň wekiliýetiniň haýyşy boýunça türkmen tarapy ýurduň çäginden awtoulag bilen ýük daşamak şertleri we daşary ýurt awtoulag serişdelerinden alynýan tölegleriň möçberi barada maglumat berdi. Duşuşygyň çäklerinde rus wekilleri türkmen daşaýjylary, ýük eýeleri we önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar, mundan beýläk hyzmatdaşlyk üçin aragatnaşyk maglumatlaryny alyşdylar. Gepleşikleriň netijesinde taraplar gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti nygtalyp, meýilleşdirilen hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça ara alyp maslahatlaşmalary dowam etdirmek barada ylalaşyldy.