Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Türkmenistan halkara giňişliginde öz işjeňligini syýasat we ykdysadyýet babatda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklara berk eýermek arkaly alyp barýar. Daşary döwletler we hukuk taraplary bilen baglaşylan şertnamalar hem-de ylalaşyklar boýunça borçnamalaryň kanuna laýyk ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berýär. «Soňky ýyllaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde "MTS" paýdarlar jemgyýetiniň türkmen tarapyna garşy bildirýän hakykata laýyk gelmeýän we ýoýulan “talaplary” barada maglumatlar birnäçe gezek peýda boldy. MTS kompaniýasy tarapyndan emeli ýagdaýda döredilen dawaly ýagdaýy kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ykdysady we döwlet edaralary tarapyndan bu meseläni parahatçylykly, kazyýetsiz we konstruktiw ýol bilen çözmek üçin ähli tagallalar edildi. Şeýle-de bolsa, 2018-nji ýylda MTS halkara arbitraž işi boýunça iş başlatdy» diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda bellenilýär. Netijede, Maýa goýum dawalaryny düzgünleşdirmegiň halkara merkezi (ICSID) tarapyndan döredilen tribunal MTS-iň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna 11 million dollardan gowrak hukuk we arbitraž çykdajylarynyň öwezini dolmagy karar etdi. Tribunal operasion şeetnamanyň türkmen kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan kanuny söwda şertnamadygyny, şertnamanyň güýjüniň tamamlanandygyny hem-de kompaniýanyň ony dowam etdirmäge hukugynyň ýokdugyny tassyklady. Şeýle-de tribunal MTS tarapyndan öňe sürlen beýleki ähli “esassyz çäreler” baradaky talaplary hem ret etdi. Tribunalyň kararyndan üç aý soň, arbitraž işiniň Stokgolmda geçendigi sebäpli, MTS bu karary Şwesiýanyň kazyýetinde şikaýat etmäge synanyşdy. Emma 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS-iň ähli şikaýatlaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy we kompaniýany öňki 11 million dollaryň üstüne bu iş bilen baglylykda çykarylan 589 müň ýewro çykdajyny hem tölemäge borçly etdi. Kazyýet bu kararyň gutarnyklydygyny we mundan beýläk şikaýat edip bolmaýandygyny aýratyn nygtady. «Şeýlelikde, ýokarda agzalan abraýly arbitraž we kazyýet edaralarynyň çykaran çözgütleri, halkara ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän umumy ykrar edilen kadalara we düzgünlere berk eýerýän Türkmenistanyň hereketleriniň dolulygyna halkara hukugyna laýykdygyny tassyklady» diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir