“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy. Bäsleşik: emeli aň; robototehnika we awtomatizasiýa; “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary; akylly şäher; sanly lukmançylyk; elektron bilim; hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar. Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, taslamalar şu talaplara laýyk gelmeli: wajyplygy we ornaşdyrmak mümkinçilikleri; aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyndaky täzeçiligi; ykdysady taýdan peýdalylygy; hili we ulanmak rahatlygy; dizaýn bezegi; kanunçylyga laýyk gelmegi; özboluşlylygy (göçürmä rugsat berilmeýär); programma üpjünçiligi üçin esaslandyryş kodlaryň bolmagy. Bäsleşige ýekelikde ýa-da üç adama çenli düzülen toparlaýyn görnüşinde gatnaşmak bolýar. Bäsleşik ýaşlar üçin açykdyr. Gatnaşmak üçin aşakdakylary tabşyrmaly: Gatnaşyjynyň ýa-da topar ýolbaşçysynyň arzasy Gatnaşyjylaryň pasport nusgalary Teklip edilýän taslamanyň mazmuny “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga, şeýle hem milli ykdysadyýetde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylşyny ösdürmäge gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan – 1-nji oktýabryna çenli bäsleşige gatnaşmak isleýänler özüniň taslamalaryny elektron görnüşinde “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm resmi saýty arkaly tabşyryp bilerler. Hödürlenen oýlap tapyşlar we işläp taýýarlamalar täzeçiligi, amaly ähmiýeti we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak mümkinçiligi boýunça bahalandyrylar. Bäsleşigiň ýeňijileri “Türkmentel-2025” XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143) geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir