25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi habar berýär. Täze gatnaw Aşgabatdan 06:30-da Halkara awtomenzilinden (A. Nyýazow şaýoly, 422) ugraýar, Awazadan bolsa 13:30-da («Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan) yzyna gaýdýar. Ozal awtobuslaryň gatnawy günde bir gezek amala aşyrylýardy. Biletiň bahasy 75 manat bolar. Habarlaşmak üçin: Telefonlar: 44-35-30; 44-35-20 Saýt: www.auh.com.tm