21 — 23-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu forum çagalar üçin niýetlenilen önümler we hyzmatlar pudagynda möhüm pursat bolup, işewürlere bu bazar segmentiniň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder diýlip, TSSE-niň saýtynda habar berilýär. Serginiň ekspozisiýasy dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekmäge gönükdiriler. «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» dünýäniň dürli künjeklerinden çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalary bir ýere jemlär, şol bir wagtyň özünde olara Türkmenistan bazaryna aralaşmak üçin täze mümkinçilikler açar. Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriler. Çäräniň resmi hyzmatdaşy — «Türkmen ekspo» kompaniýasy.