17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu çärede Türkmenistana BIE-niň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen wekilçilik etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow we edara degişli sergiler we ýarmarkalar bölüminiň başlygy Kemal Amanow girdi. Sessiýanyň dowamynda BIE-niň Administratiw we býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji, hukuk, maglumat we kommunikasiýa komitetleriniň hasabatlary diňlenildi. Açylyş dabarasynda Administratiw we býujet komitetiniň başlygy Karen-Mae Hill 2025-nji ýylyň 17–19-njy marty aralygynda Aşgabatda geçirilen komitetiň mejlisini ýatlap, Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Ol bu mejlisiň BIE-niň taryhynda Parižiň çäginden daşary ilkinji gezek geçirilendigini belläp, onuň guramanyň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýetine ünsi çekdi. Sessiýanyň çäklerinde agza ýurtlaryň wekiliýetleri Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek “Expo 2030”, Belgraddaky “Expo 2027” hem-de Ýaponiýanyň Ýokogama şäherindäki 2027-nji ýylyň Halkara bagçylyk sergisine görülýän taýýarlyklar boýunça hasabatlary hödürlediler. Pariždäki duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti BIE-niň ýolbaşçylary we agza ýurtlaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, sergi hyzmatdaşlygyny giňeltmek we milli başlangyçlary öňe sürmek boýunça pikir alyşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir