Kaliforniýanyň JetZero startapy Demirgazyk Karolinany orta ýola uçýan täze JetZero Z4 uçarlaryny öndürjek zawodyň gurluşygy üçin saýlady. Zawod Grinsboro şäherindäki Pýemont-Triad howa menziliniň golaýynda ýerleşer diýlip çak edilýär. JetZero Z4 200-250 ýolagça niýetlenýär, uçuş aralygy, takmynan, 9300 km barabar. Bu görkezijiler boýunça ol Boeing 737 Max 10-dan öňe geçer. Täze uçar üýtgeşik dizaýny – fýuzelýaža (korpus) birikdirilen ganaty bilen tapawutlanýar. Hasaplamalara görä, şeýle şekil ýangyjyň sarp edilişini adaty modeller bilen deňeşdirilende iki esse azaltmaga mümkinçilik berýär. Taslama ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri we Northrop Grumman korporasiýasy tarapyndan goldanýar. Prototipiň ilkinji uçuşy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär, ýöne täjirçilik ulanylyşy 2030-njy ýyldan soň bolar. Bolup biljek müşderileriň arasynda United Airlines awiakompaniýasy agzalýar.