Netflix Wiktor Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” nusgawy romanyny ekranlaşdyrmaga taýýarlanýar. “Kwazimodo” filmindäki baş keşbi fransuz aktýory Wensan Kassel ýerine ýetirer diýip, Deadline neşiri habar berýär. Taslama öň “Heläkçilik” we “Şol oňaýsyz pursat” filmlerini surata düşüren Žan-Fransua Rişe režissýorlyk eder. Edebi esasyny "Ynsan gazabynyň" awtory Erik Besnard ýazdy. Önümçilige Mediawan-yň düzümine girýän Radar Films kompaniýasy ýolbaşçylyk edýär. Prodýuserleri - Kleman Miserez we Matýe Warter. Film 2025-nji ýylyň tomsunda Fransiýada surata düşürilip başlanar. Ilkinji görkezilişiniň boljak senesi entek yglan edilmedi. Filmi döredijiler Gýugonyň keşbini döretmäge ylham beren meşhur küýki baradaky hekaýaty köpçülige täze labyzda hödürlemegi wada berýärler. Filmiň wakalary 1830-njy ýylyň iýul rewolýusiýasynyň öňüsyrasynda Parižde ýaýbaňlanýar. Holera epidemiýasynyň ýaýramagynyň fonunda baş gahryman syýasy tolgunyşyklara çekilýär we umytsyz söýgini başdan geçirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir