Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseliniň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri bolan köp sanly miýeloma üçin täze bejeriş usuly ulanylyp başlandy. Bu bejergi «troýa atyna» meňzeýär – derman zäherli öýjüklere aralaşyp, olary içinden ýok edýär diýip, «BBC» ýazýar. Del bedenjikler çiş öýjüklerini aýratyn bellikleriň üsti bilen tanap, olara ýapyşýarlar we içine girýärler. Öýjükleriň içine girensoň, çişi ýok edýän zäherli maddany goýberýärler. Bu çemeleşme rak keseline has takyk täsir etmäge mümkinçilik berýär we adaty himioterapiýa garanyňda, bedene düşýän agramy azaldýar. Angliýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň professory Piter Jonsonyň aýtmagyna görä, täze usul miýelomany doly bejermeýär, ýöne onuň ösüşini ep-esli haýalladýar. Kliniki synaglar keseliň ösüşini ortaça üç ýyl togtadyp boljakdygyny görkezdi, adaty bejergide bolsa bu döwür, takmynan, 13 aý. Bu bejergi beýleki usullardan peýda görmedik hassalar üçin hem elýeterli bolar. Bu ýerde gürrüň ýylda, takmynan, 1,5 müň adam barada gidýär. Beýik Britaniýada miýeloma kesel kesgidi bilen ýaşaýan 33 müňe golaý adam bar. Bejergi adaty usullardan has ýeňil täsir etse-de, käbir goşmaça täsirleri – meselem, gözleriň guramagy we görüşiň peselmegi ýaly ýagdaýlar – hem ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu usula soňky on ýyllygyň dowamynda onkologiki bejergidäki iň uly ösüşleriň biri hökmünde baha berýärler.