Hindistanly milliarder Sanjaý Kapur Londonda 53 ýaşynyň içinde geň ýagdaýlarda aradan çykdy. Bu barada The New York Times ýazýar. Bu pajygaly waka polo oýny oýnalýan wagtynda bolup geçdi. Şaýatlaryň sözlerine görä, telekeçi "Men bir zatlar-a ýuwutdym!" diýip gygyrypdyr-da, ýykylypdyr. Dosty Suhel Setiň sözlerine görä, Kapuryň agzyna ary uçup giripdir. Ol dem alyş ýollaryna düşüpdir. Arynyň çakmagy anafilaktiki şok döredipdir, telekeçi koma düşüp, sähel salymyň içinde jan beripdir. Öň saglyk meselesi bilen ýa-da allergiýasynyň bardygy barada arz etmändigi bellenilýär. Sanjaý Kapur awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmeklige ýöriteleşen iri Sona Comstar kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň baýlygy 1,2 milliard dollar diýlip baha berilýär. Bu kärhana telekeçiniň kakasy Surinder Kapur tarapyndan esaslandyryldy. Sanjaýyň döwründe Sona Comstar awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we elektrik ulaglara niýetlenen ulgamlar bilen üpjün ediji bolup ýetişdi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň 4600-den gowrak işgäri bar we onuň Hindistanda, Hytaýda, Meksikada we ABŞ-da zawodlary bar. Şeýle hem Sanjaý Kapur Bolliwudyň aktrisasy Karizma Kapuryň (öňki Karişma, ýöne astrologyň maslahaty bilen adynyň aýdylyşyny üýtgetdi) öňki adamsy hökmünde tanalýardy. Olaryň nikasy 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli dowam etdi, olaryň iki çagasy bar.