Hytaýyň Huawei kompaniýasy 2019-njy ýylda HarmonyOS işe girizileni bäri bazara bu operasion ulgam bilen 100 milliondan gowrak smartfon iberdi. Bu barada Canalys analitiki kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli HarmonyOS operasion ulgamy bilen işleýän smartfonlaryň sany 103 milliona ýetdi. Olardan 46 milliony soňky bir ýylda çykaryldy. Kompaniýanyň halkara bazarlarynda satuwyny çäklendiren ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan, Huawei Hytaýyň içerki bazarynda güýçli ornuny saklaýar. Munuň sebäpleriniň biri-de, HarmonyOS-yň Huawei-niň beýleki önümleri bilen hem netijeli işlemegi boldy. HarmonyOS diňe bir smartfonlarda ulanylmaýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kompaniýa bu ulgam bilen bazara 21 million planşet, şol sanda 2024-nji ýylda 10,5 million planşet iberdi. 2021-nji ýylyň ortalarynda OS giňden ornaşdyrylyp başlanandan soň, ol Huawei-niň köp önümleri üçin esasy platforma öwrüldi. Şeýle-de, operasion ulgam akylly sagatlarda, audio-gurluşlarda, akylly öý üçin enjamlarda we şahsy kompýuterlerde ulanylýar. Canalys Huawei-niň hytaý bazaryna HarmonyOS bilen 4,2 million töweregi kompýuter iberendigini we şolaryň 3,2 millionynyň noutbukdygyny habar berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli HarmonyOS-yň täze wersiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Onda emeli aňa esaslanýan funksiýalaryň peýda bolmagyna garaşylýar.