ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutadan 57 million dollardan gowrak we öz ady bolan dürli harytlaryň satuwyndan ýene-de millionlarça dollar gazandy. Bu barada Ak tam tarapyndan hödürlenen maliýe deklarasiýasyna salgylanyp, Reuters habar berýär. Kriptowalýutadan gelen girdeji World Liberty Financial taslamasy bilen baglanyşyklydyr, onda Trampyň ogullary Erik Tramp we Donald Tramp kiçi möhüm orunlary eýeleýär. Bu deklarasiýada görkezilen esasy girdeji çeşmeleriniň biridir. Reuters Trampyň bu işe gatnaşmagynyň gaýry bähbitlerde aýyplamalara getirip biljekdigini belleýär. Resminama görä, ABŞ-nyň Prezidentiniň gazanjy şeýle görnüşde: ·$3 mln – Save America (“Amerikany halas etmek”) kitabynyň satuwyndan; ·$2,5 mln – krossowka we atyr satuwyndan; ·$2,8 mln – sagat satuwyndan; ·$1,3 mln – Injiliň ýörite nusgalarynyň satuwyndan; ·$1,05 mln – gitara satuwyndan. Trampyň resminamada görkezilen umumy girdejisi 600 mln dollardan geçdi. Oňa kriptowalýutadan, golf klublaryndan, ygtyýarnamalardan we beýleki aktiwlerden gelen girdejiler girýär. Mundan başga-da, onuň daşary aktiwleri, mysal üçin, Russiýada hasaba alnan Trump, Trump Tower we Trump International Hotel and Tower markalary bar. Olaryň esasy işi gozgalmaýan emläk we myhmanhana işi bilen baglanyşyklydyr. Reuters agentliginiň hasaplamagyna görä, Prezidentiň aktiwleriniň umumy bahasy azyndan 1,6 mlrd dollara barabar. Deklarasiýada girdejiniň alnan döwri görkezilmeýär, ýöne agentlik resminamanyň 2024-nji ýyly öz içine alýandygyny we täze kripto-taslamalardan alnan girdejileriň bir bölegini göz öňünde tutmaýandygyny çaklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir