IDC analitiki agentliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dakylýan gurluşlaryň (akylly sagatlar we fitnes bilezikleri) dünýä bazary 10,5% ösüp, 45,57 mln birlige ýetdi. Iň uly ösüş Hytaýda hasaba alyndy, bu ýerde döwlet goldawynyň netijesinde üpjünçilik 37,6% ýokarlandy. Şeýle-de, ösüş Günbatar Ýewropada, ABŞ-da, Latyn Amerikasynda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde hasaba alyndy. Bazaryň öňdebaryjysy Huawei kompaniýasy boldy. Täze Huawei Band 10 fitnes bileziginiň çykmagy sebäpli, onuň üpjünçiligi ep-esli ýokarlandy. “Apple Hytaýdaky ýeňillikleriň we ABŞ-daky işjeň satyn alyşlaryň netijesinde soňky 23 ýylda üpjünçiligiň iň ýokary ýyllyk ösüşini görkezdi” – diýip, IDC-niň analitikleri belledi. Samsung, tersine, hytaý brendleri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi sebäpli üpjünçilik möçberiniň birneme azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Garmin kompaniýasy hususy sport sagatlarynyň hataryny giňeltmek arkaly öz ornuny berkitdi. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça, dakylýan gurluşlaryň dünýä bazarynda öndürijileriň ilkinji bäşligi: ·Huawei – 21,9% ·Xiaomi – 19% ·Apple – 15,5% ·Samsung – 7,5% ·Garmin – 4,7%.