“Mançester Ýunaýtediň” öý stadionynda her ýyl geçirilýän haýyr-sahawat oýny Soccer Aid geçdi. Oýunda Angliýanyň topary bilen öňki futbol ýyldyzlaryny, tälimçileri we beýleki media şahsyýetlerini jemlän dünýä topary duşuşdy. Dünýä topary üçin Edwin wan der Sar, Nemanýa Widiç, Riwaldo, Dawid Trezege, Karlos Tewes, Leonardo Bonuççi, Robbi Kin, öňki boksçy Toni Belýu, aýdymçy Nikki Birn we beýlekiler oýnady. Angliýanyň toparynyň düzümine Jo Hart, Gari Newill, Jermeýn Defo, Aaron Lennon, Ueýn Runi, Pol Skoulz, “The Last of Us” serialyndan aktrisa Bella Ramzi we beýlekiler girdi. Dünýä toparynyň tälimçiler ştabyna Peter Şmeýhel goşuldy. Iňlis toparyny bolsa oýna Taýson Fýuri, Harri Rednapp we Dewid Jeýms taýýarlady. Oýun dünýä toparynyň 5:4 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Karlos Tewes dört gol geçirdi. Daily Mail neşiriniň habar bermegine görä, “Mançester Ýunaýtediň” janköýerleri toparyň düzüminde Tewesiň familiýasy tutulanda we onuň her bir golundan soň sygyryp, nägilelik bildirdi. Çünki, 2009-njy ýylda argentinaly futbolçy “MÝ-den” “Mançester Sitä” geçipdi. Guramaçylara 7 mln funt sterlingden gowrak serişde ýygnamak başartdy. Ähli serişdeler ÝUNISEF arkaly dünýädäki çagalara kömek üçin gönükdiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir