Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk görülýär. Anna güni wise-premýer N.Ata­gu­ly­ýew sergä görülýän iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ser­gi­de ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­lar bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň tä­ze mak­sat­na­ma­la­ýyn ugur­la­ry, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ta­nyş­dy­ry­lar. Ser­gä Türk­me­nis­ta­nyň eks­port, ma­ýa go­ýum ugur­ly pu­dak­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ulag-lo­gis­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Pre­zi­den­t Serdar Berdimuhamedow döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan da­şa­ry ýurt­lar­da gu­ral­ýan iri möç­ber­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir