Ýewropaly alymlar rekord goýdy – CSC (Finlýandiýa), SURF (Niderlandlar) we Nokia konsorsiumy 3500 kilometr aralykdan maglumatlary 1,2 Tbit/sek tizlikde geçirmegi başardy. Bu üstünlik superkompýuterleriň işini tizleşdirer we maglumatlaryň kwant goragyny üpjün eder diýip, Interesting Engineering ýazýar. Synag Niderlandlaryň Amsterdam şäheri bilen Finlýandiýanyň Kaýani şäherindäki maglumat merkezlerini NORDUnet (skandinaw magistraly), Sunet (Şwesiýa), SIKT (Norwegiýa) we Funet (Finlýandiýa) torlary arkaly birleşdirdi. Maglumatlary geçirişde hakyky we emeli maglumatlar gönüden-göni disk massiwleriniň arasynda iberildi. Bu tehnologiýanyň esasynda Nokia-nyň kwant bilen goralýan optiki kanallary, IP/MPLS marşrutizasiýasy we FlexE tehnologiýasy bar. «Biziň infrastrukturamyz täze nesil superkompýuterler üçin taýýar» — diýip, «Nokia» kompaniýasynyň wekili Mihail Lenko belläp geçdi. Bu üstünlik hasaplaýyş ýüklerini dürli superkompýuterleriň arasynda paýlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa maglumatlaryň işlenişini, meselem, LUMI superkompýuterindäki KNMI-niň howa maglumatlarynyň işlenişini ep-esli tizleşdirýär. Şeýle hem bu ösüş maglumatlaryň ogurlanmagyna garşy kwant goragly ulgamlaryň döredilmegine ýol açýar. «Bu öňegidişlik sanly döwürde transatlantik kabelleriň peýda bolmagy bilen deňeşdirilýär» — diýip, Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) professory Markus Ştaýner belläp geçdi. Bu tehnologiýa uly göwrümli maglumatlary geçirmegiň gijikdirilmegi meselesini çözüýär. Mysal üçin, «klimatologlar hem hemra maglumatlaryny häzirki wagt boýunça seljerip bilerler, bu tupanlary çaklamaga we adamlaryň halas edilmegine kömek eder» — diýip, Şwesiýanyň kosmiki fizika institutyndan Anna-Mariýa Lundkwist belläp geçdi. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň ählisi beýle optimist däl. Milanyň tehniki uniwersitetiniň (Italiýa) professory Karlo Rossetti bu tehnologiýanyň senagatda ulanylmagy üçin, Ýewropanyň tor infrastrukturasynda düýpli üýtgeşmeleriň zerurdygyny aýdýar. Analitikleriň bellemegine görä, bu synag superkompýuterleriň bitewi ulgam hökmünde işleşip biljekdigini görkezdi. Her näme-de bolsa, bu umumyýewropa «EA fabriginiň» döredilmegi we LUMI superkompýuterinde GPT-nl ýaly dil modelleriniň türgenleşdirilmegi üçin giň ýol açýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir