Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Karara gol çekdi. Şu ýyl bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler. Ýeňijileriň doly sanawyny şu salgydan görüp bilersiňiz. Bäsleşiginiň ýeňijileri üçin baýraklaryň çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir