Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady. "Biz ähli ösüşlerimizi ylym bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahatyň alymlaryň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary babatda özara tejribe alyşmaklarynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn" diýlip, metbugatda çap edilen gutlagda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, taryhy gelip çykyşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky ähli döwürlerde ylymda sebit derejesinde hem, dünýä derejesinde hem uly üstünlikleri gazanypdyr. "Milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak hem-de senagatlaşdyrmak ugrundaky işler bilen utgaşykly innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, täze ylmy işläp taýýarlamalary, oýlap tapyş çözgütlerini milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli maliýe, maddy-tehniki goldawlary berýäris" diýip, döwlet Baştutany belleýär. Döwlet Baştutany ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ýurduň ylmy-tehniki ösüş derejesiniň esasy görkezijileriniň biri diýip atlandyrýar. Bu ugurda iri halkara guramalar, gaznalar, assosiasiýalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak arkaly ylym hem-de tehnologiýalar ulgamynda ýurdumyz üçin möhüm düýpli we amaly-ylmy meseleler boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar.