2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär. Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl. 2025-nji ýylda ol festiwal bilen ugurdaş geçdi.78-nji Kann kinofestiwaly 23-nji maýda tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Ol festiwala soňky 20 ýylda ilkinji gezek gatnaşdy. Festiwalyň baş baýragyna 20-den gowrak film dalaş etdi. Olaryň arasynda Riçard Linkleýteriň “Täze tolkun” (Новая волна), Ari Asteriň “Eddington” (Эддингтон), Ues Andersonyň “Finikiýa shemasy” (Финикийская схема), Ýoakim Trieriň “Duýgy gymmatlygy” (Сентиментальная ценность) filmleri we beýlekiler bar.