Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) we “Formula-1-iň” ýolbaşçylygy 2026-njy ýyl möwsüminiň dünýä çempionatynyň senenamasyny hödürledi. Geçenki üç ýylda bolşy ýaly jemi 24 ýaryş meýilleşdirilýär. Möwsüm 6-8-nji martda Awstraliýadaky tapgyrdan başlar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabide tamamlanar. Senenama ilkinji gezek Madridiň hem ýaryş ýoly goşuldy, bu ýerde Ispaniýanyň Gran-prisiniň tapgyrlarynyň biri geçiriler. Şol bir wagtyň özünde, Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisi meýilnamadan aýryldy. 2026-njy ýylyň çempionatyna täze üç topar gatnaşar – Cadillac, Audi we Ford. Şeýle-de, bolidler tarapyndan ekologiki taýdan arassa ýangyjyň ulanylmagyny göz öňünde tutýan täze tehniki düzgünler güýje girer. Tapgyrlaryň doly tertibi şeýle görnüşde: Awstraliýanyň Gran-prisi – 6-8-nji mart; Hytaýyň Gran-prisi – 13-15-nji mart; Ýaponiýanyň Gran-prisi – 27-29-njy mart; Bahreýniň Gran-prisi – 10-12-nji aprel; Saud Arabystanynyň Gran-prisi – 17-19-njy aprel; Maýaminiň Gran-Prisi – 1-3-nji maý; Kanadanyň Gran-prisi – 22-24-nji maý; Monakonyň Gran-prisi – 5-7-nji iýun; Ispaniýanyň Gran-prisi (Barselona) – 12-14-nji iýun; Awstriýanyň Gran-prisi – 26-28-nji iýun; Beýik Britaniýanyň Gran-prisi – 3-5-nji iýul; Belgiýanyň Gran-prisi – 17-19-njy iýul; Wengriýanyň Gran-prisi – 24-26-njy iýul; Niderlandlaryň Gran-prisi – 21-23-nji awgust; Italiýanyň Gran-prisi – 4-6-njy sentýabr; Ispaniýanyň Gran-prisi (Madrid) – 11-13-nji sentýabr; Azerbaýjanyň Gran-prisi – 25-27-nji sentýabr; Singapuryň Gran-prisi – 9-11-nji oktýabr; ABŞ-nyň Gran-prisi (Ostin) – 23-25-nji oktýabr; Meksikanyň Gran-prisi – 30-njy oktýabr – 1-nji noýabr; Braziliýanyň Gran-prisi – 6-8-nji noýabr; ABŞ-nyň Gran-prisi (Las-Wegas) – 19-21-nji noýabr; Kataryň Gran-prisi – 27-29-njy noýabr; Abu-Dabiniň Gran-prisi – 4-6-njy dekabr.