Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar diýip, Carscoops habar berýär. Bu F-Pace SVR 575 Ultimate Edition krossoweriniň çäkli toplumy bolup, bary-ýogy 60 nusga hödürlener. Olar diňe Awstraliýa üçin niýetlenýär. Satuw 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar. Şondan soň kompaniýa diňe elektromobil önümçiligine geçer. Jaguar F-Pace SVR 575 Ultimate Edition ilkinji gezek 2024-nji ýylda hödürlenen meşhur krossoweriň kämilleşdirilen wersiýasydyr. Bu wersiýa adaty Jaguar F-Pace-den ýokary kuwwaty we birnäçe daşky aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Awtomobil 575 at güýjüni berýän hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy we tizligini 100 km/sag çenli 4 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizligi bolsa 286 km/sag barabar. Daşky görnüşi boýunça model 22 dýuýmlyk diskleri we ganatlaryndaky Ultimate Edition bellikleri bilen tapawutlanýar. Model dört reňkde elýeterli bolar: sary (Sorrento Yellow Gloss), ýaşyl (British Racing Green Gloss), ak (Icy White Gloss) we ýalpyldysyz gara (Ligurian Black Satin). Baha 128,5 müň ABŞ dollaryndan başlaýar. Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň noýabrynda Jaguar rebrending geçirip, logotipini täzeledi. Dekabr aýynda täze eýýamyň ilkinji elektromobili – Type 00 kupesi görkezildi.