Huawei resmi taýdan Pura 80 flagman smartfon hataryny hödürledi. Oňa Pura 80, 80 Pro, 80 Pro+ we Pura 80 Ultra modelleri girdi. Tanyşdyrylyş dabarasynda esasy täzelik iki dürli periskopik obýektiw bilen işläp bilýän bir sensora eýe bolan Ultra modeli boldy. Obýektiwleriň biri 3,7 esse, ikinjisi 9,4 esse ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Başgaça aýdylanda, smartfonda dürli obýektiwli iki aýry kameranyň deregine iki obýektiwiň arasynda üýtgäp bilýän bir sensor ulanylýar. Smartfonlaryň ählisi 3000 kd/m² çenli ýagtylyk, HDR goldawy we 1-den 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen OLED displeýlerine eýe boldy. Esasy modeliň ekrany 6,6 dýuýma, beýlekileriňki 6,8 dýuýma barabar. Modelleriň ählisiniň esasy kamerasy RYYB reňk süzgüji bilen bir dýuýmlyk sensory ulanýar. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, ol suraty öňki hatar bilen deňeşdirilende 200% has netijeli işleýär. Pura 80 Ultra-da üç çeşmeden maglumatlary birleşdirip, suratyň hilini has ýokarlandyrýan TCG ulgamy we 16EV dinamiki diapazony ulanylýar. Smartfonlar Android programmalarynyň goldawy bolmazdan, Harmony OS NEXT (5.1 wersiýasy) operasion ulgamynda işleýär. Akkumulýator sygymy 5600-5700 mA/sag bolup, ol çalt zarýad alşy goldaýar: simli 100 Wt çenli we simsiz 80 Wt çenli. Şeýle-de, ikitaraplaýyn hemra aragatnaşygynyň bardygy bellenilýär. Bahalar: ·Pura 80 Pro – 6499 ýuandan başlaýar ($904); ·Pura 80 Pro+ – 7999 ýuandan ($1100); ·Pura 80 Ultra – 9999 ýuandan ($1391). Modelleriň tiz wagtdan Hytaýdan daşary hem çykmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir