Dubaýda täze metro liniýalarynyň gurluşygy başlandy. Taslama şäheriň demirgazyk-gündogar bölegini özgertmäge, transport ýüküni azaltmaga we halkara howa menzili bilen göni aragatnaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Khaleej Times neşiriniň habar bermegine görä, esasy desgalaryň biri Dubaý duralgasy sebitindäki Emaar Properties stansiýasy bolar. Onuň beýikligi 74 metr bolup, bu ony dünýäde iň beýik metro stansiýasyna öwrer. Desganyň açylyşy 2029-njy ýyla meýilleşdirilýär. Stansiýanyň dizaýny Burj-Halifa, Olimpik-tauer we Sirs-Tauer taslamalary bilen belli bolan Skidmore, Owings & Merrill (SOM) amerikan binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Onuň gündelik geçirijilik ukyby 160 000 ýolagça barabar bolar. Çaklamalara görä, 2040-njy ýyla çenli stansiýadan günde 70 000-den gowrak adam peýdalanar. Täze metro şahasy 30 km uzalyp, 14 stansiýany öz içine alar. Hereket üçin 28 sany häzirkizaman otlusy ulanylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde emirligiň umumy metro ulgamynyň uzynlygy 131 km, stansiýalaryň sany bolsa 78-e ýeter. “Gök şaha” diýlip atlandyrylan bu liniýa Dubaýyň dokuz sebitini birleşdirer. Otlular iki ugur boýunça sagatda 46 000 ýolagçyny gatnadyp biler. 2030-njy ýyla çenli gündelik ýolagçy akymynyň 200 000-e ýetmegine garaşylýar. Täze liniýanyň işe girizilmegi ýol dyknyşygyny 20% azaltmaga mümkinçilik berer. Gurluşygyň bahasy 20,5 mlrd dirhama (takmynan, 5,6 mlrd dollar) barabar bolar. Işi Türkiýeden we Hytaýdan kompaniýalar – Mapa, Limak we CRRC ýerine ýetirer.