Ankaranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy Gordion şäherinde arheologlar, takmynan, 2800 ýyl mundan ozalky döwre degişli mazar tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu mazar ady rowaýata öwrülen patyşa Midasyň garyndaşlaryna degişli bolup biler diýip, Live Science ýazýar. Midas (Gordiý) – Frigiýa patyşalygynyň iň meşhur hökümdarlarynyň biridir. Grek rowaýatlaryna görä, ol elini degren zadyny altyna öwrüpdir. Gordion bolsa, b.e. öňki 1200-nji ýyldan 675-nji ýyla çenli döwürde Frigiýanyň paýtagty bolupdyr. Tapylan mazaryň ölçegi 3,1 metre 2,8 metr. Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň aýtmagyna görä, mazaryň içinde seýrek duş gelýän onlarça gadymy artefaktlar, şol sanda uly gazanlar we bürünç gap-gaçlar tapylypdyr. Bular jaýlanan adamyň jemgyýetdäki ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Bu tapyndy Midas baradaky rowaýatlaryň taryhy esaslaryny has gowy öwrenmäge ýardam berip biler. Tapylan ähli arheologiki gymmatlyklar täzeden dikeldiş (restawrasiýa) üçin ugradyldy. Daş tabydy ýylyň ahyryna çenli Gordion muzeýinde köpçülige görkezmek meýilleşdirilýär. Gordionda gazuw-agtaryş işleri 75 ýyldan bäri dowam edýär, emma işleriň tamamlanmagyna entek uzak ýol bar. «Gazuw-agtaryş geçirilmedik ýerleriň meýdany, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerden has uly» — diýip, taslamanyň bilelikdäki ýolbaşçysy Ýüjel Şenýurt belläp geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir