Hytaýda geçirilen ýazky “Ýunle” onlaýn auksionynda boýy 131 sm bolan gök plastik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satyldy. Bu gurjak heýkeliniň şu görnüşde ýeke-täk nusgasydyr diýip, “Keçuanban žibao” neşiri ýazýar. Şeýle-de, auksionda boýy 160 sm bolan goňur reňkli Labubu 820 müň ýuana ($114 müň) satyldy. Şeýle modelden bary-ýogy 15 sanysy bar. Mundan başga-da, seýrek ýa-da çäkli möçberde çykarylan beýleki oýnawaçlar satyldy. “Ýunle” auksion öýi 2005-nji ýylda esaslandyryldy. Ol häzirkizaman sungat eserlerine, Hytaý žiwopisine we kalligrafiýasyna, şeýle-de keramika we zergärlik önümlerine ýöriteleşýär. Labubu gurjagyny gonkongly dizaýner we ýazyjy Lun Szýaşen oýlap tapdy. Ol 2015-nji ýylda The Monsters hekaýalaryny çap edip başlady, olaryň gahrymanlary hem bu jandarlar boldy. 2019-njy ýylda ol Hytaýyň Pop Mart kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy we kompaniýa eserleriň esasynda heýkelleri çykaryp başlady. Labubu personažy derrew meşhur boldy. Häzirki günde bu oýnawajyň dürli reňklerde, şekillerde we ululykda 300-den gowrak görnüşi bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir