Samsung-yň amerikan bölümçesi iOS 26-nyň tanyşdyrylyşyna seslenip, bäsdeşini ýene ýaňsylamak mümkinçiligini elden bermedi. WWDC 2025 konferensiýasynyň dowamynda Apple täzelenen operasion ulgamlary we emeli aňa esaslanýan täze funksiýalary hödürledi. Samsung hem Apple tarapyndan hödürlenen tehnologiýalaryň köpüsini Galaxy gurluşlarynda eýýäm köpden bäri ulanýandygyny ýatlatdy. Samsung-yň ilkinji habary iOS interfeýsindäki üýtgeşmelere gönükdirildi. “Sazlap bolýan programmalar? Ýüzýän paneller? Döwrebap aýna dizaýn? Hm, gaty tanyş görünýär...” – diýip, kompaniýa resmi X akkauntynda ýazdy. Soňra Samsung Apple-iň täzelik hökmünde hödürlän “janly” terjime funksiýasyna teswir berdi: “Göni terjimäni ilkinji gezek barlaýaňyzmy? Topara hoş geldiňiz! Biz eýýäm teksti we sözleýşi häzirki wagtda terjime edýäris...”. Smartfon öndürijileriniň arasynda birek-birege şeýle gep atmalar adaty ýagdaýdyr. Kompaniýalar olary bäsdeşlik guraly we öz önümlerine ünsi çekmegiň usuly hökmünde ulanýar. Apple hem käwagt bäsdeşlerine tarap ýaňsyly bellikleri etmekden çekinmeýär, ýöne, adatça, muny resmi görnüşde – mysal üçin, sosial ulgamlarda däl-de, tanyşdyrylyş dabaralarynda edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir