«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasynyň häzire çenli düşürilen iň jikme-jik suratlaryny aldy we ilkinji gezek, takmynan, 20 kilometrlik inçe magnit zolaklaryny görkezmegi başardy. Bu zolaklar Günüň granullarynyň – konweksion öýjükleriň diwarlary boýunça uzalyp gidýär. Bu ýerlerde gyzgyn plazma Günüň içinden ýüzüne çykýar. Zolaklar magnit meýdanlarynyň dinamikasyny görkezýär. Ýagtylyk olaryň içinden geçende, ýalpyldap, ýagty we garaňky ýerleri döredýär. Garaňky zolaklar pes magnit meýdanlaryny, ýagtylary bolsa güýçlülerini görkezýär. Bu derejedäki takyklygy dünýädäki iň uly spektropolýarimetr bolan Visible Tunable Filter (VTF) üpjün etdi. Bu enjam dürli tolkun uzynlyklarynda şekilleri ýazga alýar we ýagtylygyň polýarlygy boýunça maglumat toplaýar. Bu bolsa alymlara Günüň atmosferasyndaky magnit meýdanlarynyň, plazmanyň we beýleki elementleriň gurluşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Täze düşürilen suratlar Günde bolup geçýän proseslere, şol sanda onuň magnit işjeňligine we kosmos howasyna ýetirýän täsirlerine has gowy düşünmäge ýol açýar. Dünýädäki iň güýçli Gün teleskoby bolan «Deniel K. Inoue» teleskoby (Daniel K. Inouye Solar Telescope, DKIST) onuň maliýeleşdirilmegine we gurulmagyna goşan uly goşantlary üçin, Gawaý ştatynyň senatory Deniel Ken Inoueniň hormatyna atlandyrylypdyr.