12-nji iýunda “Real Madrid Sitide” Madridiň “Realynyň” täze gyraky goragçysy Trent Aleksander-Arnoldyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. 26 ýaşly angliýaly futbolçy bilen şertnama alty ýyl hereket eder. Täze klubda Trent 12-nji belgi bilen oýnar. “Realyň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, klubuň prezidenti Florentino Peres futbolçyny mejlisler zalynda garşy aldy we bu ýerde şertnama gol çekildi. Şondan soň Aleksander-Arnolda stadionyň nusgasy, ýadygärlik sagady we onuň familiýasy hem täze oýun belgisi bolan köýnekçe gowşuryldy. “Reala” geçmezden ozal Trent “Liwerpulda” çykyş etdi. “Men begenjimden ýaňa ýedi gat asmanda! Real bilen şertnama baglaşmak her gün bolup geçmeýär. Bu hakykata öwrülen arzuw. Men “Liwerpuldan” diňe “Real Madride” gitjekdigimi öňden bäri bilýärdim. Başga hijisine. Hiç haçan “Men nirä giderin” diýen sorag bolmandy. Hemişe “Madride gitmelimi ýa ýok?” diýen sorag bardy. Men “Liwerpula” çäksiz minnetdar we hemişe onuň öňünde bergili bolaryn. Men ol ýerde 20 ýyl geçirdim we her minutdan lezzet aldym. Men diňe hereket etmegiň wagtynyň gelendigine düşündim” – diýip, Aleksander-Arnold tanyşdyrylyş wagtynda aýtdy.