ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni bahasy bäş million dollar bolan “altyn karty” – ABŞ-da hemişelik wizany almak maksady bilen arzalary tabşyrmak üçin saýtyň işe girizilendigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, wiza almak üçin nobat eýýäm açyk. “Müňlerçe adam nähili hasaba alynmalydygyny soramak üçin jaň etdi” – diýip, Tramp sosial ulgamlarda habar berdi. Ozal, aprel aýynda Prezident Air Force One uçarynyň bortunda ilkinji gezek “altyn kartyň” nusgasyny görkezipdi. Kartda onuň ýüzi şekillendirilen. Şeýle-de, ol “Trampyň kartynyň” iki hepdäniň dowamynda elýeterli boljakdygyny aýtdy. Wizalar häzirlikçe berilmeýän bolsa-da, isleg bildirýänler täze programma bagyşlanan TrumpCard.gov saýtynda öz maglumatlaryny galdyryp biler diýip, Fox teleýaýlymy habar berýär. ABŞ-da häzirki wagtda hereket edýän EB-5 programmasy daşary ýurtlulara belli bir mukdarda maýa goýmak bilen wiza almaga mümkinçilik berýär. Ýöne Trampyň administrasiýasy bu programmanyň adalatsyz ulanylýandygyny we onuň “altyn kart” bilen çalyşmaga mätäçdigini nygtaýar. “Baý adamlar bu karty satyn alyp, bu ýurda geler. Olar baý, üstünlikli bolar, olar köp pul sarp eder, köp salgyt tölär we köp adamlary işe alar” – diýip, fewralda Ak tamyň ýolbaşçysy aýdypdy. Ol ABŞ-nyň million töweregi şeýle kartyň satuwyndan peýda gazanyp biljekdigini belledi.