Jiu-jitsu boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 13 — 15-nji iýun aralygynda Rimde (Italiýa) geçiriljek «Mediterranean Open Grand Prix» halkara ýaryşyna gatnaşar. Turnirde ýaşlaryň we ulularyň arasynda dürli agram derejelerde jemi 18 türgen Türkmenistana wekilçilik eder. Ýaryş şu dört ugur boýunça geçiriler: jiu-jitsu, faýting, şou we duo. Erkekleriň arasynda ýaryşa gatnaşjak türkmen ýygyndysynyň düzümi şu türgenlerden ybarat: Jelilmuhammet Hojamyradow, Soltanmyrat Nuryýew, Alişer Jumamyradow, Baýram Röwşenow, Yslam Rejepow, Daýanç Kulyýew, Parahat Rahmanow, Şyhberdi Rahmanow, Yslam Öwezow, Gudrat Esenow, Begli Saparow Bagtyýar Myradow we Eziz Ýollyýew. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde bolsa Aýnur Kullyýewa, Hurma Abdyýewa we Suraý Gökgäýewa çykyş ederler. Häzirki wagtda topar Kemal Meredowyň ýolbaşçylygynda tälimçiler Ilýas Işangulýewiň we Rahat Gurbanowyň türgenleşdirmeginde ýaryşa taýýarlanýar. «Mediterranean Open Grand Prix» dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli türgenleri özüne çekýän abraýly halkara jiu-jitsu ýaryşlarynyň biridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir