Geçen 2024-nji ýylda dünýäde soňky 70 ýyldaky iň köp ýaragly gapma-garşylyk hasaba alyndy diýip, Oslodaky Dünýäni öwreniş instituty (PRIO) hasaplaýar. «Iki müň ýigrimi dördünji ýyl täze ýakymsyz rekord bilen taryha girdi: soňky ýetmiş ýylda döwlet derejesinde ýaragly gapma-garşylyklaryň rekord sany hasaba alyndy» diýlip, guramanyň çap eden hasabatynda aýdylýar. Anyk aýdylanda, 2024-nji ýylda 36 ýurtda 61 sany gapma-garşylyk boldy, şunda Afrika iň köp ejir çeken sebitdir, ol ýerde 28 gapma-garşylyk hasaba alyndy. Aziýada 17; Ýakyn Gündogarda 10; Ýewropada 3 we Amerikada 2 harby çaknyşyk boldy. Harby hereketler netijesinde gurban bolanlaryň sany 129 müň adama deň diýip, guramanyň hasabatyna salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir