Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümetiň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi.