Daşkentde geçirilen Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň duşuşygy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Wise-premýer özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlary hem-de iň gowy arzuwlary ýetirdi. Duşuşykda özbek-türkmen dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda, ykdysadyýet, ulag, energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze gün tertibini kemala getirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we sebit forumyna taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işewürlik we medeni çäreleri geçirmek meselelerine hem seredildi.