OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-boty işe girizilenden soň üç ýyldan az wagtyň içinde 10 mlrd dollar möçberde ýyllyk girdejä ýetdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berdi. Esasy girdeji ChatGPT-niň ulanyjy wersiýasyna tölegli ýazylyşyklardan, korporatiw önümlerden we üçünji tarap serwislere OpenAI-iň tehnologiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýän API-ä elýeterli bolmakdan gelýär. Hasap Microsoft-dan ygtyýarlyk töleglerini we uly bir gezeklik şertnamalardan gelýän girdejileri öz içine almaýar. 2024-nji ýylda OpenAI-iň girdejisi 5,5 mlrd dollar boldy. Bu görkezijilere ýetmek üçin kompaniýa, takmynan, 5 mlrd dollar maýa goýdy. CNBC-niň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň häzirki bahasy onuň girdejisinden, takmynan, 30 esse ýokarydyr. Kompaniýa 2029-njy ýyla çenli girdejini 125 mlrd dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. 2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, OpenAI hepdede 500 mln işjeň ulanyjy we 3 mln tölegli korporatiw müşderiler barada habar berdi.