ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik edarasy (FDA) Wildtype kompaniýasynyň barlaghanasy tarapyndan döredilen “ýabany azatmahynyň” (losos) emeli etiniň satuwyny tassyklady. Önüm howpsuz diýlip ykrar edildi we eýýäm Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki Kann restoranynda myhmanlara hödürlenýär diýip, The Verge habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu önüm tagamy we omega-3-üň düzümi boýunça hakyky balykdan asla tapawutlanmaýar. FDA Wildtype kompaniýasyna önümiň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň ýokdugyny tassyklaýan haty iberdi. Bu hem barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen azyk önümleri üçin barlagyň soňky tapgyry boldy. Wildtype Upside Foods, Good Meat (towuk eti) we Mission Barns (doňuz eti) kompaniýalaryndan soň şeýle tassyklamany alan dördünji kompaniýa boldy. Wildtype bu tehnologiýany taýýarlamak üçin tas on ýyl sarp etdi. Kompaniýa Ýuwaş ummanyň azatmahysynyň öýjüklerini bioreaktorlarda ösdürip ýetişdirmek bilen, temperaturany, turşulygy we ýokumly maddalary gözegçilikde saklaýar. Soňra öýjükler balyk eti bilen meňzeş tagamy we gurluşy almak üçin ösümlik komponentleri bilen birleşdirilýär. Önüm hakyky azatmahydaky ýaly omega-3-üň we omega-6-nyň ýokary düzümini saklaýar. Gaiti aşhana tagamlaryny hödürleýän Kann restorany emeli azatmahyny derrew menýu goşmak kararyna geldi. Wildtype eýýäm bäş restoranyň şeýle balyk etini satyn almak islegini kabul edip başlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir