Geçen aýyň ahyrynda Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman Apple-yň operasion ulgamlaryna at beriş düzgünini üýtgetjekdigini aýdypdy. Indi bolsa, Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň hem şeýle düzgüne geçmäge taýýarlanýandygy mälim boldy. Bu barada «GSMArena» habar berdi. Apple öz operasion ulgamlarynyň täze wersiýalaryny WWDC 2025 konferensiýasynda tanyşdyrdy. iOS 19-a we iPadOS 19-a derek, iOS 26 we iPadOS 26 hödürlendi. Internet çeşmelerinde peýda bolan maglumatlara görä, Xiaomi hem Android ulgamynyň esasynda döredilen HyperOS platformasy üçin şuňa meňzeş düzgüne geçmegi meýilleşdirýär. Ýagny, şu ýylyň ahyrynda Xiaomi kompaniýasy HyperOS 3-i (Android 16 esasly) däl-de, gös-göni HyperOS 26-ny tanyşdyryp biler. Täzelenmäniň oktýabr ýa-da noýabr aýlarynda çykmagyna garaşylýar. Şonuň üçin degişli jikme-jiklikler resmi tanyşdyrylyşa golaý belli bolar. Täze atlandyryş shemasy ulanyjylar üçin amatly bolar, sebäbi olar operasion ulgamyň wersiýalarynyň haýsy ýyllara degişlidigine aňsatlyk bilen düşünip bilerler. Emma bu usul kompaniýanyň özi üçin käbir kynçylyklar döredip biler. Sebäbi, wersiýalara senenama ýyly boýunça at berilse, Xiaomi her ýyl täze ulgam çykarmaly we şol tertibe yzygiderli eýermeli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir