New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi. Hatara Coco Delray we Coco CG2 modelleri girdi. Olaryň ikisi-de ak-ýaşyl reňk gammasynda ýerine ýetirildi. Coco CG2 modeli Kori Gauffyň ýaryş aýakgabydyr. Ol ony 2025-nji ýylda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň tutuş dowamynda geýdi. Ol 7-nji iýunda ýaryşyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenkony utup, “Rolan Garrosyň” ýeňijisi boldy. Gauff soňky on ýylda bu abraýly ýaryşda titul alan ilkinji amerikaly tennisçi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir