Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tender toparynyň adyndan Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 4 sany gidrometeorologiýa merkeziniň hem-de ýurdumyzyň çäginde jemi 52 sany gidrometeorologiýa beketlerini gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär Lot №1 – Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 4 sany gidrometeorologiýa merkeziniň gurluşygy. Lot №2 – Türkmenistanyň çäginde 52 sany gidrometeorologiýa stansiýasynyň gurluşygy. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygy baradaky maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi üçin taslamalary düzmek we gurluşyk işlerini geçirmek boýunça potratçylary saýlap almak boýunça halkara tenderiň geçirilmeginiň düzgünleri bilen tanyşmaly; her lot boýunça töleg geçirip, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly; lotlaryň spesifikasiýasyny hem-de tehniki talaplaryny almaly. Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi. Halkara tender tekliplerini tabşyrmak üçin iň soňky möhlet — bu bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap 2025-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli. Basleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-80-60 +993 12 44-80-04 +993 12 44-80-06

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir