Türkmenistan Tähranda geçirilen YHG-niň ulag ministrleriniň mejlisine gatnaşdy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisi, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuny (Surat: THP) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti duşenbe güni Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. Ýokary derejeli bu forum YHG agza ýurtlarynyň, şol sanda Eýranyň, Özbegistanyň we Pakistanyň ulag ministrlerini we resmi wekillerini, şeýle-de halkara derejede möhüm guramalaryň, şol sanda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekillerini bir ýere jemledi. Mejlisde esasan hem YHG sebitinde has täsirli we durnukly ulag ulgamyny döretmek meselelerine garaldy. Şeýle hem Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky logistiki arabaglanyşygy gowulandyrmak, multimodal ugurlary giňeltmek, serhet amallaryny ýönekeýleşdirmek we ulag pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan sebitleýin ulag hyzmatdaşlygyna ygrarlylygyny tassyklap, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky geçelge hökmünde strategik ähmiýetini nygtady. Mämmethan Çakyýew ýurduň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň halkara logistika ulgamyndaky ornuny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Özbegistanyň we Pakistanyň ministrleri, şeýle-de IRU-nyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu gepleşiklerde ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, gözegçilik-geçiriş nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak, logistika ugrunda hünärmenleri taýýarlamak we täze geçelgeleri ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Mämmethan Çakyýew YHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyp, awgust aýynyň 3-5 aralygynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji konferensiýasyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Forumyň çäklerinde YHG-nyň ýörite mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar. Türkmenistanyň bu mejlise gatnaşmagy onuň sebitleýin ulag arabaglanyşygyny ösdürmekdäki we YHG çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ornuny aýdyň görkezdi.