Aşgabat we Ulan-Bator doganlaşan şäherlere öwrüler, bu baradaky resminama Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow bilen Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soňra gol çekildi diýip, TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji iýunda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň netijesinde 14 resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama hem bar. Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow we Ulan-Bator şäheriniň meri Hişgeegiýn Nýambaatar gol çekdiler. Ähtnama innowasiýa, söwda, ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça özara ynanyşmak we hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir diýip, «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentligi habar berýär.