Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär. Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar. “Şahsy kyssa” (Личная история / Personal History), Ketrin Grem Geýts bu memuarlaryň şahsy we hünär synaglary barada aç-açan gürrüň bermekde nusgalyk bolandygyny belleýär. Ketrin Grem adamsy ýogalandan soň, The Washington Post gazetine ýolbaşçy bolýar. Tejribesi bolmazdan we erkek kärdeşleriniň basyşyna sezewar bolmak bilen, ol neşiri möhüm wakalardan, şol sanda Uotergeýt dawasyndan geçirdi. Geýts bu kitaby çydamlylygyň, öňdebaryjylygyň we gaýduwsyzlygyň mysaly hasaplaýar. Şeýle-de, ol 2025-nji ýylda çykan Becoming Katharine Graham dokumental filmine tomaşa etmegi maslahat berýär. “Umydyň kowgusynda” (В погоне за надеждой / Chasing Hope), Nikolas Kristof Kitabyň awtory Pulitser baýragynyň eýesi bolup, ol karýerasyny garyplyga we kesellere garşy göreşe bagyşlady. Kitap dünýäniň iň gowşak nokatlarynda işlän žurnalistiň şahsyýet hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär. Geýts Kristofyň 1997-nji ýyldaky çaga ölümi baradaky makalasynyň özüne Gates Foundation gaznasyny döretmäge itergi berendigini ýazýar. Ol, aýratynam, awtoryň umyt ýok ýaly görnen ýagdaýlarda-da, umydy we adalata ynamy saklamak synanyşygyna ýokary baha berýär. “Okumyş” (Ученица / Educated), Tara Westower Awtor Aýdahonyň uzak bir ýerinde, mekdepleri, hassahanalary we döwlet edaralaryny ykrar etmeýän maşgalada ulaldy. Muňa garamazdan, ol özbaşdak taýýarlanyp, kolleje okuwa girdi, soňra Kembrijde doktor derejesini aldy. Geýts onuň wakasyny Wild Wild Country serialy bilen deňeşdirýär we ony bilimiň hem güýçli erkiň kynçylyklary ýeňip geçip biljekdiginiň mysaly hasaplaýar. “Reňksiz” (Бесцветный / Born a Crime), Trewor Noa Komik we The Daily Show-yň öňki alypbaryjysy GAR-daky çagalygy barada gürrüň berýär. Ol aparteid ýyllary, jenaýat hasaplanan nikadan dogulýar. Geýts kitaby bir wagtyň özünde hem şadyýan, hem pajygaly diýip atlandyrýar. Ol Noanyň gülki bilen agyr temalary: garyplygy, zorlugy we jynsparazlygy gürrüň berýändigini belleýär. Geýtsde diliň Noa üçin dürli adamlar bilen aragatnaşyk gurmagyň usulyna öwrülendigi baradaky pikir aýratyn täsir galdyrdy. “Ýeňliş” (Капитуляция / Surrender), Bono Awtobiografiýada Irlandiýadan U2 rok-toparynyň frontmeni Dubliniň eteginden çykan bir ýetginjekden belli sazanda we filantropa çenli geçen ýoly barada gürrüň berýär. Geýts awtor bilen köpýyllyk dostlugyna garamazdan, kitapdan köp täze zatlary öwrenendigni ýazýar. Hususan-da, Bononyň kakasy bilen kyn gatnaşygy, topardaky dawalar we U2-niň dargamak ýagdaýyna ýetendigi barada. Ol kitabyň işe wepalylygy we adalat üçin göreşi gowy açyp görkezýändigini aýdýar. Geýtsiň pikiriçe, bu diňe bir aýdym-saz muşdaklary däl, hemmeler üçin ruhlandyryjy kitapdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir