1975-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň dowamynda, buzluklaryň umumy möçberi 9 trillion tonnadan hem köp azaldy. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekili Kler Nullis Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi. «Bütindünýä buzluklara gözegçilik gullugynyň hasaplamalaryna görä, 1975-nji ýylda hasaba alyşlar başlany bäri, buzluklar jemi 9 trillion tonnadan gowrak [buz] ýitirdi. Bu galyňlygy 25 metr, meýdany bolsa Germaniýanyňky ýaly bolan äpet buz bölegine deňdir» — diýip, ol aýtdy. Nullisiň sözlerine görä, soňky ýyllarda buzluklaryň yza çekilmegi taryhda ilkinji gezek şeýle çalt derejä ýetdi. Şol bir wagtda, ol buzluklaryň we buz örtükleriniň dünýäde bar bolan süýji suwuň, takmynan, 70%-ini saklaýandygyny ýatlatdy. Bütindünýä meteorologiýa guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, milli meteorologiýa we gidrologiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly, adamzat üçin howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge hyzmat edýär. Gurama daşky gurşawy gözegçilikde saklamaga, goramaga we bu ugurda syýasatlary işläp düzmäge işjeň gatnaşýar.