2025-nji ýylyň tomus pasly astronomiýa muşdaklaryny ajaýyp hadysalary bilen begendirer. Biziň ýarym şarymyzyň köp sebitiniň ýaşaýjylary teleskopsyz hem “ýertudana”, “sugun” we bekre Aýyny, şeýle hem planetalaryň ýörişini, kümüş bulutlary we meteor ýagmyrlaryny synlap bilerler. Öňümizdäki üç aýyň esasy astronomiki wakalarynyň senenamasyny dykgatyňyza hödürleýäris. 3-nji iýunda - planetalaryň ýörişi: Irden bäş sany planeta - Merkuriý, Mars, Ýupiter, Saturn we Uran hatara düzüler. Olaryň dördüsini gündogarda sagat 5:30-dan 6:30-a çenli adaty göz bilen görmek bolar. Urany görmek üçin iň bolmanda dürbi gerek bolar. 11-nji iýunda - Ýertudana aýy: Munda Ýeriň hemrasy Gün dogan wagty mämişi ýa-da altynsow (atmosferada ýagtylygyň ýaýramagy sebäpli) bolup görünýän on dördi gijäniň aýy görnüşinde bolýar, ýöne soňra aşak düşüp gözýetime golaýlanda, birneme gülgüne reňke boýalýar. Bu at indeý taýpalarynyň miwe ýygnaýan möwsümi bilen baglanyşykly. Iň gowusy, sagat 23:30-dan soň açyk meýdanda, mümkingadar şäher çyralaryndan uzakda durup synlamaly. 4-nji iýulda - Merkuriniň elongasiýasy we Weneranyň Urana ýakynlaşmasy: Merkuriý daň atmazdan öň görner. Bu planetany synlamak üçin iň amatly wagt. Şeýle hem Uranyň Wenera ýakynlaşmasy bolup geçer. Şonda Wenerany adaty göz bilen, Urany bolsa diňe optika arkaly görüp bolar. 10-njy iýulda - Sugun Aýy: Ýagty dolan Aý sugunlaryň şahlarynyň ösüp çykýan döwrüne görä şeýle ady aldy. Aý şol gün diýseň ýagty bolar. 30-31-nji iýul gijesinde - Günorta delta-Akwarid meteor ýagmyrynyň iň güýçli wagty: Bu ýyldyz ýagmyrynyň iň güýçli wagty. Mümkingadar şäher yşyklaryndan uzakda durup synlamak maslahat berilýär. Şol wagt sagatda 25 meteory görüp bolar. Türkmenistan synlamak üçin amatly giňişlikde ýerleşýär. 8-9-njy awgustda - Bekre aýy: Awgust super Aýy: Aýyň tegelegi 14%, ýagtylygy 30% ýokarlanar. 11-nji awgustda - asmanda alty sany planeta hatara düzüler: Asmanda alty planetanyň (Merkuriý, Wenera, Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun) deňleşmesini synlap bolar. Olaryň dördüsini (Merkuriý, Wenera, Ýupiter we Saturn) ýörite optikasyz hem synlamak bolar, Urany we Neptuny synlamak üçin bolsa teleskop ýa-da dürbi gerek bolar. Bu hadysany Gün dogmazyndan bir sagat öň, dolan Aýyň golaýynda görmek bolýar. 1–12-nji awgustda - Perseidler: 2025-nji ýylda Perseidler iýul aýynyň ortalaryndan awgust aýynyň ahyryna çenli işjeňdir, ýöne ol 11-12-nji awgust gijesinde iň ýokary derejesine ýetýär. Şol gije howa şertleri amatly bolanda sagatda 100 meteory görüp bolar. Bu ýyl dolan Aý synlamagy kynlaşdyrar. Maýda - awgustda - kümüşsöw bulutlar: Kümüşsöw (şeýle hem mezosferaly) bulutlary Türkmenistanda tomusda, maý aýynyň ortasyndan awgust aýynyň ortalaryna çenli, goýry alagaraňkylykda, Gün ýaşandan takmynan 1,5–2 sagat soň ýa-da Gün dogmazyndan öň synlap bolar. Bu bulutlar mezosferada Ýeriň ýüzünden 76–85 km belentlikde emele gelýär. Şeýle bulutlar kosmiki tozandan ýygnanýan mikroskopik buz kristallaryndan emele gelýär. Olar inçe, ýagty saçýan zolaklar we dürli hili tolkunlar görnüşinde bolup biler.