Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji alty albomynyň master-ses ýazgylaryny (soň albomlaryň nusgalary alynýan asyl ses ýazgylary) satyn aldy. Ol muny resmi web sahypasyndaky hatynda mälim etdi. Aýdymçy "Munuň hakykata öwrülendigini bilenim bäri, wagtal-wagtal begenjimden aglaýardym. Men munuň bolup biljek zatdygy barada pikir etmekden tas el çekdim. <…> Meniň owal-ahyr döreden sazlarymyň ählisi indi özümki boldy" – diýip aýdymçy ýazdy. Swift asyl ýazgylaryna bolan hukukgy Walt Disney Company esaslandyryjylaryň nesilleri tarapyndan dolandyrylýan Shamrock Capital maýa goýum gaznasyndan satyn aldy. Şeýle hem aýdymçy özüniň wideokliplerine, konsert ýazgylaryna, albomlarynyň jiltlerine, suratlaryna we ýaýradylmadyk aýdymlaryna bolan hukugyny aldy. 2019-njy ýylda Swift-iň ilkinji alty albomyna bolan hukugy aýdym-saz menejeri Skuter Braun satyn alypdy. Onuň Ithaca Holdings kompaniýasy Big Machine Records leýblini satyn alypdy, Swift onuň bilen ol 15 ýaşyndaka şertnama baglaşypdy. Braun soňra hukugy Şamrok Capital gaznasyna satdy. Geleşikleriň ikisiniň hem özünden rugsat alynmazdan amala aşyrylandygyna Swift nägile bolupdy. Muňa jogap edip aýdymçy bu albomlary täzeden ýazmak kararyna geldi. 2021-2023-nji ýyllar aralygynda Fearless (ilkibaşda 2008-nji ýylda çykypdy), Red (2012), Speak Now (2010) we 1989 (2014) albomlaryny täzeden ýazgy etdi we çykardy. Aýdymçy Reputation (2017) we debýut Taylor Swift (2006) albomlarynyň täzeden ýazylan görnüşlerini entegem çykaranok. Aýdymçynyň hatyndan olaryň çykjagyny-çykmajagyny aňyp bolmady. Swift-iň master-ýazgylara hukugyny näçä satyn alandygy entek belli däl. 2020-nji ýylda olar 300 million dollara satylypdy. Aýdymçynyň 600 million dollardan milliard dollar aralygynda tölänmiş diýen myş-myşlar hakykata laýyk gelmeýär diýip, BBC News belleýär.