Düşek tagtabitleri 100 million ýyl mundan ozal, adamlar peýda bolmanka ýüze çykypdyr. Olar dinozawrlary ýok eden betbagtçylykdan aman galypdyrlar we uzak wagtlap näbelli haýwanlaryň gany bilen iýmitlenipdirler. Soňra ýarganatlaryň we irki adamlaryň bedeninde parazitlik edip başlapdyrlar. Halkara entomologlar we biologlar topary bu görnüşiň ölman galmagynda hojaýyny saýlamagyň möhüm rol oýnandygyny anykladylar. Biology Letters žurnalynda çap edilen barlagda soňky buz eýýamynda tagtabitleriň ýok bolup gitmek howpy astynda bolandygy aýdylýar, ýöne olaryň adamlary saýlan bölegi ilkinji şäherlerde adamlar üýşüp ýaşap başlandan soň, gysga wagtyň içinde sanyny ep-esli artdyrdy. Barlagçylaryň pikirine görä, düşek tagtabitleri şäher gurşawynda ilkinji peýda bolan zyýanly mör-möjekler bolup biler. Çehiýada alymlar 19 tagtabitiň DNK-syny öwrendiler: olaryň dokuzysy adam ýaşaýan jaýlardan we on sanysy ýarganatlaryň ýaşaýan ýerlerinden. Genetiki derňew takmynan 45 müň ýyl ozal iki toparyň hem sanynyň bir döwür azalandygyny görkezdi. Emma adamlaryň arasynda ýaşaýan tagtabitlerden tapawutlylykda, olaryň ýarganatlaryň arasynda ýaşaýan bölegi azalmagyny dowam etdirýär. Takmynan 12 000 ýyl ozal adamçy tagtabitleriň sany deňleşip, 8000 ýyl töweregi ozal ep-esli artypdyr. Bu döwür adamlaryň oturymly durmuş şertlerine we oba hojalygyna geçmegi bilen gabat gelýär. Tagtabitler adamlaryň üýşüp ýaşaýan ilkinji oturymly ýerlerinde iň gowy şertlere eýe bolupdyrlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir