Britaniýaly režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» («28 Years Later») horror filmini surata düşürmek üçin düýpgöter täze usuldan peýdalanypdyr. Filmiň käbir esasy sahnalary dürli ýerlere ýerleşdirilen şol bir wagtda 20-ä çenli iPhone smartfonynyň kömegi bilen surata düşürilipdir. Bu barada «IGN» habar berýär. Filmiň döredijileri toparlaýyn düşürişler üçin, ýörite gurluşlaryň 8, 10 we 20 enjamlyk üç görnüşini taýýarlapdyr. Olardan iň ulusy hereketleri 180 gradus burç bilen surata düşürip, redaktorlara dürli burçlardan kadrlary saýlap almaga mümkinçilik berýär. Munuň maksady, tomaşaçynyň özüni filmiň içinde ýaly duýmagyny gazanmakdyr. Boýlyň sözlerine görä, filmdäki esasy sahnalaryň biri 20 kameranyň ählisi bilen bir wagtda surata düşürilipdir. Şeýlelikde, tomaşaça bolup geçýän wakalary doly duýmaga mümkinçilik döredilýär. «Muny ozal aýtmandym welin, [filmiň] ikinji ýarymynda şeýle bir ajaýyp kadr bar, biz onda 20 kamera bilen düşürilen şekilleri ulanýarys. Görseňiz, derrew bilersiňiz... Gaty täsirli kadr, ýöne şol tehnika bilen düşürilen ajaýyp pursat. Ozal görlen ýaly duýdurmagyň deregine, sizi haýran galdyryjy görnüşde başga bir dünýä tarap itekläp goýberýär» — diýip, režissýor aýtdy. Boýluň düşündirmegine görä, 20 smartfonlyk gurluş yşyklandyryş bilen işleşmegi, meýdan şertlerindäki düşürişleri we montaž işlerini aňsatlaşdyrypdyr. Topar tehniki goldawy gönümel Apple kompaniýasyndan alypdyr. Smartfonlar kranlara, arabajyklara dakylypdyr ýa-da göni sahna bezegleriniň içine ýerleşdirilipdir. Smartfonlaryň ulanylmagy, aslynda, franşizanyň häsiýetine laýyk saýlaw bolupdyr. Sebäbi, franşizanyň ilkinji filmi bolan «28 gün soň» («28 Days Later») hem şol döwürde elýeterli bahaly bolan «Canon XL-1» wideokamerasy bilen «sanly» görnüşde, 480p çözgütde surata düşürilipdi. Filmiň sýužetine görä, biologiki ýarag laboratoriýasyndan gazap wirusynyň ýaýrany bäri tas 30 ýyl geçipdir. Baş gahryman – keselläp ýatan ejesi üçin lukman gözleýän oglanjyk. Ssenarini Aleks Garlend ýazdy. Bu film täze trilogiýanyň ilkinji bölümi bolar. Filmde Aaron Teýlor-Jonson, Reýf Faýns, Jodi Komer we beýlekiler çykyş edýär. Şeýle-de ilkinji filmde baş keşbi ýerine ýetirýän Killian Merfi hem öz keşbine gaýdyp geldi. Filmiň premýerasy 20-nji iýunda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir