Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy. Ol topar bilen bäş aý işleşdi. Geçen möwsümde klub Seriýa A-da sekizinji orny eýeledi. 57 ýaşly Allegri eýýäm 2010-njy ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda “Milana” tälimçi bolupdy. Onuň ýolbaşçylygyndaky birinji möwsümde topar Italiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de, 2011-nji ýylda klub ýurduň Superkubogyny aldy. Allegri “Milandan” gidenden soň “Ýuwentusa” ýolbaşçylyk etdi. Bu klub bilen bäş gezek Italiýanyň çempiony boldy, dört gezek ýurduň Kubogyny we iki gezek Superkubogyny gazandy.