BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer. Ilkibaşda olar diňe elektromobiller üçin işlenip taýýarlanypdy diýip, IT Home neşiri ýazýar. BMW-niň önüm bölüminiň ýolbaşçysy Berndt Kýorber ilkinji ädimiň şu ýylyň sentýabr aýynda Mýunhendäki awtosalonda görkeziljek iX3 elektrokrossoweri boljakdygyny aýtdy. Şondan soň täzelenme beýleki modellere-de täsir eder. Täzelenen 5-nji seriýa BMW ulagy 2026-njy ýylda görkeziler. Awtomobiliň daşky görnüşi Neue Klasse stilinde üýtgediler – ol täze öň bölegine eýe bolar. Salonda Panoramic iDrive ulgamy, 17,9 dýuýmlyk sensor ekran, proýeksiýa displeýi we täzelenen enjam paneli peýda bolar. Şol bir wagtyň özünde, model CLAR platformasynda galar we häzirki güýç enjamyny saklar. Alyjylara iki görnüş hödürlener: 205 at güýji bilen ýumşak gibrid (MHEV) we 295 at güýji bilen birikdirilýän gibrid (PHEV). Olaryň ikisi-de 2,0 litrlik turbo-hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. 5-nji seriýadan soň şeýle täzelenmäni X5, 2-nji seriýa, X2, 7-nji seriýa we X7 modelleri hem alar. Geljekde BMW-niň ähli täze awtomobilleri bir umumy stilde ýerine ýetiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir