Goja taryha nazar aýlasak, ençeme täze şäherleriň, galalaryň gurulmagyny meşhur şahsyýetleriň tagallasy, atlary bilen baglanyşykly bolandygyna göz ýetireris. Gadymy Ahalyň ýaýlasynda, Köpetdagyň eteginde bu täze şäheriň taslamasyny düzmek, ony gurmak Gahryman Arkadagymyzyň abyrsyz aladasy, taýsyz tagallasy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin halkymyz bu täze şäheriň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagyny tüýs ýürekden oňlady. Arkadag şäheriniň gurulmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň gurujylyk ukybynyň örän ýokarydygyny aýan edýär. Bu bolsa gurýan döwletiň gurpludygy, halkymyzyň öz geljegine ynamly garaýandygyny, ony asylly zähmeti bilen berkarar edýändigini dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyz bu täze şäheri gurmak bilen diňe bir öz ýurdumyzda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutus dünýäde täze şäheri döretdi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hasda ýokary götermäge gönükdirilen amatlyklary döretdi. Bu ýerde hemme zat täze, hemme zat ýürege ýakyn. Täze ýaşaýyş jaýlary-da, edara binalary-da, medeni durmuş maksatly desgalar-da, ýollardyr, ýadygärlikler-de, ilatyň hyzmatynda goýulýan ýolagçy awtobuslarydyr, taksiler-de täze. Olar Arkadag şäheriniň häzirki zaman şäheri hökmünde abraýyny artdyrmak bilen, geljekde bu ýerde ýaşaýşyň gaýnap joşjakdygyndan, durmuşyň gülläp ösjekdiginden habar berýär. Şonuň üçin biz Arkadag şäherini bagtyň şäheri diýip buýsanç bilen atlandyrýarys. Arkadag şäheri — giň mümkinçilikleriň şäheri. Bu şäheriň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bilen onuň ýaşaýjylarynyň, şol sanda olaryň ýaş nesliniň döwrebap ýaşaýşyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, bilim-terbiýe almagyna, wagtyny şatlykly geçirmegine gönükdirilen giň mümkinçilikler elýeterli bolar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaýnap ýaşaýan raýatlary, olaryň umumy bilim berýän orta mekdeplerde, orta hünär okuw mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän ýaş nesilleriniň bagtyýar keşbini göz öňüne getiriň! Olar Arkadag şäherine tüýs ýürekden buýsanýan ýaş nesillerdir. Çünki bu täze şäher bagtyň şäheridir, ýaşlaryň şäheridir. Bagtyň şäherini Arkadag şäheri — «akylly» şäher taslamasynyň türkmen nusgasyny dabaralandyrýan şäherdir. Ösüşiň täze tapgyrynda bu ajaýyp şäherde innowasion infrastrukturanyň döredilmegi, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň ähli ulgama ornaşdyrylmagy bilen, ol ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolar. Arkadag şäheri döwrümiziň hem-de döwletimiziň beýik binagäri Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek boýunça asylly başlangyçlarynyň rowaçlyklara, üstünliklere beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen dabaralandyrýan, dünýä aýan edýän şäherdir. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş saparyny yzygiderli amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşmagy, şonda alnyp barylýan işleriň milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşmalydygyna we ähmiýet berilmeli beýleki möhüm meselelere ünsi çekmegi, bu ugurlarda gymmatly maslahatlaryny bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu waka taryhy waka derejesine eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň hem-de beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär. Şeýle ajaýyp şäheri gur¬duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz eşretli durmuşda hemişe ýaýnap ýaşasyn!